Jemgyýet
Lebap habarlary
April 2, 2026 16:39 • UTC+5 (Ashgabat) • 28 views
2026-njy ýylyň aprel aýynda raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişlikler geçirilýär. Welaýat häkimliginde kabul edişlikler 4-nji we 18-nji aprelde sagat 08:00-da başlanýar.
Welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!
Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça welaýat, şäher we etrap toparlarynyň 2026-njy ýylyň aprel ayýnda raýatlary kabul edýän günleriniň tertibi barada habar berýäris. Welaýat häkimliginiň toparynyň kabul edişligi 2026-njy ýylyň 4-nji we 18-nji aprelinde sagat 08:00-da başlanýar. Şäher, etrap häkimliklerinde 2026-njy ýylyň aprel aýynyň şenbe günleri sagat 08:00-da başlanýar.
Raýatlaryň dykgatyna
Kerki etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Kerki etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Biziň salgymyz: Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 7-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +993(444) 2-10-59, 2-03-84.