Dünýä
Wodorod ýangyjy ýaýbaňlanýar
February 13, 2026 10:56 • UTC+5 (Ashgabat) • 45 views

Wodorod ýangyjyň ulanylyşy ýaýbaňlanýar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen wodorod energiýasy has elýeterli we ýokary talaply boldy. Ýewropa Bileleşigi «Connecting Europe Facility» maksatnamasy arkaly 650 million ýewro bölüp, onuň 176 million ýewrosy wodorod infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilýär. Hindistanda 1,95 GW kuwwatly önümçilik desgasy gurlup, arassa wodorod eksport üçin ammiaga öwürler.
Tehnologiýanyň ösmegi wodorod ýangyjynyň arassa energiýa çeşmesi hökmünde has elýeterli bolmagyna getirýär. Şeýle bolansoň, wodorod energiýasyna has köp maýa goýum gönükdirilýär. Ýewropa Bileleşigi «Connecting Europe Facility» (CEF) atly maksatnama 650 million ýewro bölüp berdi. Bu maliýe serişdesiniň 176 million ýewrolyk bölegi gönüden-göni wodorod infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdiriler. Bu bolsa, agza ýurtlaryň arasynda energiýa ulgamynyň bitewüleşdirilmegine goşant goşar.
Wodorod ýangyjynyň, esasan, polat, himiýa we beýleki senagat önümçiliginde gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň deregine ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Hindistanda hem şeýle taslama durmuşa geçirilýär. andra Pradeş ştatyndaky kakinada sebitinde önümçilik kuwwaty 1,95 gW bolan desga gurlar. Bu ýerde arassa çeşmelerden öndürilen wodorod ýangyjynyň uly bölegi eksport etmek üçin ammiaga öwrüler. desganyň işlemegi üçin gerek bolan elektrik energiýasy arassa çeşmelerden alnar.