Sport
Sport mekdep-internatlaryna kabul edişlik: Saýlama ýaryşlarynyň tertibi
April 20, 2026 08:41 • UTC+5 (Ashgabat) • 12 views

Türkmenistanda sport mekdep-internatlaryna kabul edişlik başlaýar! 1–9-njy iýunda geçiriljek saýlama ýaryşlaryna 2013-nji ýylda doglan zehinli türgenler gatnaşyp biler. Göreş, dzýudo, sambo, agyr atletika we boks boýunça ýaryşlar Aşgabatda we Ahal welaýatynda geçiriler.
Türkmenistanyň geljekki çempionlaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlaryna kabul edişlik başlaýar. 2026-njy ýylyň 1–9-njy iýuny aralygynda geçiriljek saýlama ýaryşlaryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 2013-nji ýylda doglan, degişli sport razrýady bolan zehinli türgenler gatnaşyp bilerler.
Ýaryşlaryň tertibi we geçiriljek ýerleri:
- Erkin we grek-rim göreşi: * Senesi: 01.06.2026- Ýeri: Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň göreş zaly.
- Dzýudo: * Senesi: 04.06.2026- Ýeri: «Olimp» orta sport mekdebiniň dzýudo göreş zaly.
- Sambo: * Senesi: 04.06.2026- Ýeri: Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň köpugurly sport zaly.
- Agyr atletika: * Senesi: 05.06.2026- Ýeri: Aşgabat şäheriniň 30-njy kiçi etrapçasyndaky agyr atletika sport zaly.
- Boks: * Senesi: 08-09.06.2026- Ýeri: Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň boks zaly.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:Dalaşgärler we olaryň ene-atalary goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky salgylara we telefon belgilerine ýüz tutup bilerler:
- «Olimp» orta sport mekdebi:- Salgy: Aşgabat şäheri, A. Garryýew köçesi, jaý 78.
- Telefon: 34-66-36, 34-66-15.
- Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi:- Salgy: Aşgabat şäheri, Atatürk köçesi, jaý 21.
- Telefon: 21-26-40.
- Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty:- Salgy: Ahal welaýaty, Gökdepe etraby, Babarap obasy, Babarap köçesi, jaý 9.