Jemgyýet
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet toruny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi
March 26, 2026 09:04 • UTC+5 (Ashgabat) • 41 views

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet toruny döwrebaplaşdyrmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Dalaşgärler tehniki we täjirçilik tekliplerini tabşyrmaly, arzalar 30 iş güni dowam eder.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi köp hyzmatly maglumat geçiriş toruny (internet) döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, aragatnaşyk enjamlaryny eltip bermek, gurnamak we sazlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler ýazmaça arza bermeli we bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Resminamalar iki aýratyn bukjada — tehniki we täjirçilik teklipleri görnüşinde hödürlenilýär.
Arzalar şu bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda şu salgy boýunça kabul edilýär: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 88-nji jaý. Telefon: (+99312) 44-90-76, faks: (+99312) 44-93-75.