Jemgyýet
Russiýa tehniki kükürdiň eksportyna wagtlaýyn gadagançylygy uzaltdy
April 1, 2026 09:49 • UTC+5 (Ashgabat) • 40 views

Russiýa, tehniki kükürt, eksport gadagançylygy, mineral dökünler, azyk howpsuzlygy, ykdysady çäklendirme, içki bazar, çig mal, suwuk kükürt, däneli kükürt
Russiýanyň Hökümeti mineral dökünleri öndürmek üçin örän möhüm çig mal bolan tehniki kükürdiň (серы) eksportyna girizilen wagtlaýyn gadagançylygy uzaltdy. Bu barada RF-niň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berdi.
«Gol çekilen karara laýyklykda, çäklendirme suwuk, däneli we bölek kükürdiň eksportyna degişlidir. Ol 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli güýjünde bolar. Şol bir wagtyň özünde, pes hilli kükürdi Senagat we söwda ministrligi tarapyndan berlen tassyklama esasynda çäklendirmesiz eksport edip bolar» diýlip, habarda bellenilýär.Hökümet bu çözgüdiň mineral dökünleriň öndürilişini häzirki derejesinde saklamak we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çig malyň içki bazara iberilişini durnuklaşdyrmaga mümkinçilik berjegini nygtady.
Mundan başga-da, habara görä, wagtlaýyn çäklendirme aşakdaky ýagdaýlara degişli däl:
- Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza döwletlere, şeýle hem Abhazýa we Günorta Osetýa edilýän iberişler;
- Ynsanperwer kömegini bermek üçin iberilýän ýükler;
- Halkara üstaşyr (tranzit) gatnawlary;
- Şpisbergen arhipelagyndaky russiýa guramalarynyň işini üpjün etmek üçin niýetlenen harytlar.
Tehniki kükürdiň eksportyna wagtlaýyn çäklendirme 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan bäri hereket edýär.