Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
February 16, 2026 16:43 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 22 geleşik baglaşyldy. Daşary ýurt kompaniýalary «Türkmennebit» tarapyndan öndürilen binýatlyk ýagy, «Türkmenhimiýa» tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gaz we karbamid, şeýle hem nah ýüplük, bugdaý uny, pagta süýümi we portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7,699 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, pagta süýümi, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 182 million 280 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah matany we nah ýüplügi, plastik tekjeleri satyn aldylar.