Türkmenistanda köp çagaly eneleri sylaglamaga taýýarlyk görülýär
March 1, 2026 09:27 • UTC+5 (Ashgabat) • 23 views

Türkmenistanda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen enelere “Ene mähri” hormatly adynyň nyşanlary gowşurylar. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda tabşyrylar.