Jemgyýet
“Türkmenpoçta” “Amazon”, “eBay”, “Wildberries” internet-söwda meýdançalaryndan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini gurnamakçy
March 12, 2026 08:32 • UTC+5 (Ashgabat) • 27 views

Türkmenpoçta halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Amazon, eBay, Wildberries, AliExpress we beýleki internet-söwda platformalaryndan satyn alnan harytlary Türkmenistana ibermek boýunça täze hyzmatlary ýola goýýar. Bu taslama halkara poçta ugratmalaryny yzarlamagy we logistika hyzmatlaryny has netijeli etmegi maksat edinýär.
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Omniva”, “Amazon”, “eBay”, “AliExpress”, “Rakuten”, “Wildberries”, “Adex”, “Internet reşeniýa” ýaly daşary ýurtlaryň iri internet-söwda meýdançalaryndan, internet dükanlaryndan satyn alnan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini guramak boýunça täze hyzmatlary ýola goýmak bilen bagly degişli işleri durmuşa geçirýär. Bu barada “Türkmentelekom” elektrikaragatnaşyk kompaniýasy geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, elektron maglumatlary alyşmak, halkara poçta ugratmalary yzarlamak we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak maksady bilen, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy Bütindünýä Poçta Birleşmesiniň “IPS” (International Postal System – halkara poçta ulgamy) we “CDS” (Customs Declaration System – gümrük deklarirleme ulgamy) sanly ulgamlaryna birikdirildi.
Bu bolsa öz gezeginde halkara poçta ugratmalary ygtybarly we netijeli ibermäge, olary yzarlamaga, logistika amallaryny awtomatlaşdyrmaga, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, uly göwrümli maglumatlary çalt we howpsuz alyş-çalyş etmäge mümkinçilik döretdi diýip, habarda bellenilýär.
Häzirki wagtda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagy, logistikany işjeňleşdirmegi, elektron söwda meýdançalary we poçta ýollamalaryny eltip bermek boýunça häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmagy dowam etdirýär.
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä Poçta Birleşmesiniň (UPU) agzasy bolup, häzirki güne çenli 192 sany daşary ýurt poçta operatorlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýar.