Jemgyýet
Biziň bilen ýagty geljege tarap: "Türkmentelekom" boş iş orunlaryny yglan edýär
April 20, 2026 09:56 • UTC+5 (Ashgabat) • 14 views

Tehnologiýa dünýäsinde öz ornuny tapmak we uly taslamalarda tejribe gazanmak isleýän hünärmenler üçin Aşgabat şäherinde 6 sany täze iş orny açyldy.
"Türkmentelekom" döwlet aragatnaşyk kompaniýasy zehinli we ussat hünärmenleri öz toparyna goşulmaga çagyrýar. Häzirki wagtda kärhanada Ulgam administrator hünärmeni, Programmist, Tor administratory, Maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmen, AI dörediji we IMS hünärmeni ýaly jemi 6 sany boş iş orny bar. Kompaniýa öz işgärleri üçin diňe bir döwrebap iş gurallaryny däl, eýsem hünär taýdan ösmek we täze tejribeler gazanmak üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Gyzyklanma bildirýän hünärmenler maglumatlaryny (CV) aşakdaky salgy boýunça iberip bilerler:
- Salgy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 88
- E-poçta: info@telecom.tm