Ykdysadyýet
Ýakyn geljekde türkmen-türk söwda dolanyşygy 5 milliard dollara ýetiriler
February 12, 2026 15:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Türkmenistan we Türkiýe ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmegi dowam etdirýär. Ýakyn geljekde iki ýurduň söwda dolanyşygynyň 5 milliard dollara ýetmegi meýilleşdirilýär.
Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat ýakyn geljekde türkmen-türk söwda dolanyşygyny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegiň esasy maksat bolup durýandygyny belledi. Ol bu barada Aşgabatda geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde eden çykyşynda mälim etdi.
Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.
Ö.Bolat geçirilen duşuşyk barada özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.
«Doganlyk Türkmenistana amala aşyran saparymyzyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, jenap Nökerguly Atagulyýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdik. Türkmenistan bilen söwda we ykdysady ugurlara aýratyn üns bermek, şol sanda özara sergi çäreleriniň guralmagy we olara gatnaşylmagy, maýa goýum forumlary, pudaklaýyn paneller hem-de ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklarynyň guralmagy barada ylalaşdyk» diýip, Türkiýäniň söwda ministri ýazýar.Bellenilişine görä, taraplar duşuşykda söwdadan gurluşyga, bilelikdäki maýa goýumlardan energetika, ulagdan syýahata çenli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda iki ýurduň gatnaşyklaryny has-da öňe sürmek ugrunda bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.