Ykdysadyýet
Özbegistanyň kripto söwdasy ösýär
February 23, 2026 09:01 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

Özbegistanda kripto söwdasy depginli ösýär. 663 müňden gowrak adam kripto hyzmatlaryndan peýdalanýar.
Özbegistanda 663 müňden köpräk adamyň kripto hyzmatlaryndan peýdalanýandygy hasaba alyndy. Olaryň 661,8 müňden gowragy ýerli ýaşaýjylar, 1,8 müňüsi bolsa daşary ýurtlulardyr. Häzirki wagtda Özbegistanda 3 sany kriptobiržasy, 12 sany kriptodükany hem-de 6 sany depozitçisi bar. Bu ugurda 207 sany iş orny döredilendir. 2022—2025-nji ýyllar aralygynda döwlet kripto biznesden 28,02 milliard som gazandy.