Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
February 24, 2026 08:04 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 31 geleşik baglaşyldy. Daşary ýurt kompaniýalary «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümlerini, şeýle hem dürli dokma, gurluşyk we oba hojalyk harytlaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 37,8 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine bugdaý uny, aşgarlanmadyk matasy, erkek kişilere niýetlenilen lybaslar, nah ýüplük we pagta süýümi, dolanylyp gaplanylan pagta pamygy, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, bugdaý ununy satyn aldylar.