Jemgyýet
BILDIRIŞ: Türkmenabat halkara howa menzili halkara bäsleşik yglan edýär
April 28, 2026 10:36 • UTC+5 (Ashgabat) • 8 views

Türkmenabat halkara howa menzili ýöriteleşdirilen awtoulaglar üçin teker satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Arzalar 2-nji maýa çenli, teklipler bolsa 9-njy maýa çenli kabul edilýär.
Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili kärhananyň ýöriteleşdirilen awtoulaglary üçin dürli görnüşli tekerleri satyn almak boýunça kotirowka görnüşinde halkara bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän gyzyklanma bildirýän taraplar aşakdaky resminamalary we şertleri berjaý etmelidirler:
- Arza tabşyrmak: Türkmenabat halkara howa menziliniň başlygynyň adyna resmi arza ýazmaly. Arzada aşakdakylar görkezilmeli:- Bäsleşige gatnaşmaga taýýarlyk we bäsleşik tölegini tölemäge razylyk;
- Gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri;
- Kompaniýanyň hasaba alyş we esaslandyryjy resminamalary;
- Ynanç haty we wekiliň pasport nusgasy.
- Bäsleşik tölegi: Gatnaşyjy yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 20 (ýigrimi) ABŞ dollary (GBüS-i hasaba almak bilen) möçberinde töleg tölemeli.- Töleg üçin hasap-faktura arza tabşyrylan mahaly berilýär.
- Töleg hasap-faktura alnan gününden başlap 5 iş gününiň dowamynda geçirilmeli.
- Resminamalary almak: Bäsleşik tölegi tölengenden soňra, gatnaşyja tehniki talaplary öz içine alýan ähli bäsleşik resminamalary gowşurylar.
Möhüm möhletler:
- Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 2-nji maýy.
- Bäsleşik tekliplerini tabşyrmagyň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 9-njy maýy.
Üns beriň! Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri seredilmäge kabul edilmeýär.Habarlaşmak üçin:
Salgysy: Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi, Türkmenabat halkara howa menzili.
- Telefon belgileri: +993 (422) 9-46-78; +993 (422) 9-47-05
- Elektron poçtasy: turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com