Medeniýet
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp sergi açyldy
March 3, 2026 16:51 • UTC+5 (Ashgabat) • 31 views

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Sungat äleminiň bahary» atly sergi açyldy. Sergide zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň eserleri görkezilip, olaryň döredijiliginde gözellik, milli miras we zenan dünýäsi wasp edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda ýurduň belli sungaty öwrenijileri we suratkeşleri çykyş edip, zenan suratkeşleriň döreden eserleriniň çeperçilik taýdan gymmaty, özboluşlylygy hakda belläp geçdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ýýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary Dursunsolmaz Muhammedowa, Annabibi Islamowa, ýaş mugallymlar Roza Agahanowa, Mährijemal Gullaýewa, Hatyja Amansähedowa, Oguldöndi Baýramgeldiýewa, Bahar Pirgulyýewa, Sadap Kurbanowa, Aksona Saparmedowa dagy sungatyň dürli görnüşleri boýunça eserleri döredip, olaryň her biri özboluşly çeperçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan döredijilik ýoluny tapdylar.
Halypa we ýaş zenan suratkeşleriň sergidäki eserleri gözellige, bagtyýarlyga, türkmen topragyna, milli mirasa, zenan dünýäsine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.