Jemgyýet
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ döwrebap awtobuslary sargyt etmek hyzmatyny hödürleýär
April 29, 2026 10:30 • UTC+5 (Ashgabat) • 10 views

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ döwrebap awtobuslary sargyt esasynda hödürleýär. Gezelençler, zyýaratlar we kärhana çäreleri üçin howpsuz, amatly hem-de ygtybarly gatnaw hyzmatlary elýeterli. Salgysy: Aşgabat, Çoganly, Atamyrat Nyýazow şaýoly 422. Habarlaşmak üçin: +993 61 49-34-95, 44-35-20.
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň edara-kärhanalaryna, syýahatçylyk agentliklerine we raýatlara döwrebap awtobuslary sargyt esasynda ulanmak mümkinçiligini hödürleýär.
Indi siz aşakdaky maksatlar üçin ýokary hilli ulag hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:
- Gezelençler: Dynç alyş ýerlerine we tebigat goýnuna gyzykly syýahatlar.
- Zyýaratlar: Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, mukaddes ýerlerine we aramgählerine gidip-gelmek.
- Kärhana çäreleri: Edara-kärhanalaryň işgärleri üçin gurnalýan toparlaýyn gatnawlar.
Kärhana ýolagçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny baş wezipe edip goýýar:
- Ähli awtobuslar täze enjamlar bilen üpjün edilen we doly tehniki abatlyk ýagdaýyndadyr.
- Gatnawlar köp ýyllyk tejribesi bolan hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.
- Ýolagçylara amatly şertlerde, wagtynda we ygtybarly gatnawlar kepillendirilýär.
Sargyt etmek ýa-da goşmaça maglumat almak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz:
- Salygymyz: Aşgabat şäheri, Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýolynyň 422-nji jaýy (Halkara awtomenziliniň 1-nji gaty).
- Telefon belgilerimiz: +993 61 49-34-95; 44-35-20