Awto
Türkiýede ilkinji "TULGA" patrullyk bronoawtoulagyny ulanmaga berdi
March 26, 2026 16:13 • UTC+5 (Ashgabat) • 32 views

Türkiýede ilkinji “TULGA 4x4” patrullyk bronoawtoulagy resmi taýdan ulanmaga berildi. Ulag ýokary derejeli gorag, döwrebap tehnologiýa we 130 km/s tizlige çenli mümkinçilik hödürleýär.
Türkiýäniň ilkinji "TULGA 4x4" patrullyk bronoawtoulagyny resmi taýdan ulanmaga berildi.
"Report" agentliginiň "TRT Haber" telekanalyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu awtoulag harby gullukçylar we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri üçin niýetlenip işlenip düzüldi. Ol özüniň brono gurluşy, ballistik gorag derejesi we döwrebap tehnologik enjamlary arkaly ýokary derejeli goragy üpjün edýär.
Agramy takmynan 8 tonna barabar bolan ulag 5 adama niýetlenendir we 250 at güýjüne eýe bolan dwigatel bilen enjamlaşdyrylandyr. "TULGA 4x4" awtoulagynyň iň ýokary tizligi sagatda 130 kilometre ýetýär.