Bilim
Stambulda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi
February 6, 2026 18:31 • UTC+5 (Ashgabat) • 31 views

5-nji fewralda Stambulyň Medipol uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Çärä Türkmenistanyň Baş konsuly, uniwersitet ýolbaşçylary we Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler şygaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde we halkara abraýyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar.
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Ö.Jumanazarow, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ganatly bedewleriň ýurduň depginli ösüşini, belent maksatlaryny we geljege bolan uly ymtylmasyny alamatlandyrýandygy nygtaldy.
Medipol uniwersitetiniň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we durnukly ösüşini belläp, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen diplomatlary Medipol uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda okuw, ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni durmuşa gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.