Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýanyň Ilçisi bilen duşuşygy barada
February 13, 2026 15:58 • UTC+5 (Ashgabat) • 46 views

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýanyň Ilçisi Tomas Şteli bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.