Jemgyýet
Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanyň tutuş çäginde gar gatyşykly ýagyş ýagar
January 12, 2026 09:07 • UTC+5 (Ashgabat) • 28 views

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, köp ýerde gar gatyşykly ýagyş bolýar.Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 11 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -2 gradus sowukdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +7 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +17... +22 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +10... +15 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +7 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.