Ekologiýa
Ýaşyl geljege tarap ynamly ädimler
February 17, 2026 16:43 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak türkmen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% peseltmek maksadyna ynamly barýarys. Töwekgelçilikleri azaltmak üçin tokaý zolaklary döredilýär, baglar oturdylýar, goraghanalar netijeli işleýär, «Altyn asyr» Türkmen kölü ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýär.
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hatarynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň biridir.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde her bir döwlet üçin daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak möhüm bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa abadançylygy boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, Watanymyz öz mysalynda ösüşi global derejedäki meseleleri çözmek bilen bir hatarda gazanyp bolýandygyny subut etdi. Häzirki wagtda Diýarymyzyň Ählumumy metan borçnamasyna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli bellenilen 30 göterim zyňyndylary peseltmek maksadyna tarap ynamly barýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ägirt uly tokaý zolaklarynyň döredilmegi, her ýyl müňlerçe bag nahallarynyň oturdylmagy, goraghanalaryň netijeli hereket etmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň gowulanmagyna öz täsirini ýetirdi. Bu çäreler tebigatymyzda ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine, haýwanlaryň howpsuz durmuşy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine goşant goşdy. Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamaga, ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmaga hem ekologiýa syýasatynda möhüm orun berilýär. Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi ekologiýa howpsuzlygyny gazanmakda wajyp ädimleriň biri boldy.