Türkmen karateçileri Samarkantda 6 altyn medal bilen ýeňiş gazandylar!
June 3, 2025 16:31 • UTC+5 (Ashgabat) • 26 views
Türkmenistanyň kyokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary, 2025-nji ýylyň 30-njy maýyndan 1-nji iýunyna çenli Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara ýaryşda özleriniň ýokary taýýarlygyny görkezdi. Türkmen türgenleri ýaryşda jemi 15 medal, şol sanda 6 altyn gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejesinde dabaralandyrdylar.