Jemgyýet
Türkmenistanyň Döwlet muzeýi ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyryljak sergä çagyrýar
February 12, 2026 11:38 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

Türkmenistanyň Döwlet muzeýi 16-njy fewralda «Abadançylyk — türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergini açýar. Raýatlarymyzmyzy sergä myhman bolmaga çagyrýarys.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Abadançylyk — türkmen diplomatiýasynyň binýady» diýen at bilen geçiriljek täsirli segisini hödürleýär.
Serginiň açylyş dabarasy 16-njy fewralda sagat 15:00-da geçiriler. Guramaçylar watandaşlarymyzy ajaýyp gözden geçirilişiň myhmany bolmaga çagyrýarlar.
Salgysy: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy
Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92