Jemgyýet
2026: Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler
March 3, 2026 16:35 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views

Türkmenistanda 2026-njy ýylda birnäçe möhüm ulag taslamalary ulanylmaga berler. Şolaryň hatarynda Arkadag şäherinde täze demir ýol we awtomenzil, Turgundy “gury porty”, täze ýük we “Ro-Ro” gämileri bar.
Türkmenistanda 2026-njy ýylda ulag infrastrukturasyna degişli birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we olar ulanylmaga berler. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil, şeýle hem deňiz we ammarlyk hojalygyna degişli desgalar bar. Deňiz ulaglary ulgamynda iki sany ýük gämisiniň we bir sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” Turgundy demir ýol menziliniň “gury portunda” häzirki zaman ammarlyk toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem deňiz flotunyň “Ro-Ro” görnüşli täze gämi bilen üstiniň ýetirilmegini öz içine alýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin ulag strategiýasynyň çäginde täze üstaşyr ugurlar hem dörediler, bu bolsa Türkmenistanyň halkara ulag merkezi hökmünde ornuny has-da pugtalandyrar. Ýurduň netijeli maýa goýum syýasaty ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna we Türkmenistanyň strategik geografik ýagdaýynyň netijeli peýdalanylmagyna ýardam berýär.
Şeýle hem 2026-njy ýylda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary –Türkmenabat bölegi açylyp, ulanylmaga berler.