Jemgyýet
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçe şahamçasy ýuridik şahslara we hususy telekeçilere sanly bank hyzmatynyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär
January 29, 2026 10:28 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçe şahamçasy ýuridik şahslara we hususy telekeçilere sanly bank hyzmatlaryny hödürleýär. «Internet-bank» arkaly hasaplary dolandyrmak, tölegleri geçirmek, karz almak we goşmaça hasaplar açmak mümkinçiligi döredildi.
Sanly ulgamda hereket edýän «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderilere banka barmazdan, öz hasaplaşyk hasaplary boýunça galyndylaryny, banka iberilen töleg resminamalarynyň hereketini görmek, hasaplaşyklary geçirmek, karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak boýunça ýüz tutmalaryny onlaýn görnüşde banka ibermek ýaly amatlylyklardan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilen. Bu amallaryň ählisini günüň bütin dowamynda internet ulgamy bar bolan islendik ykjam enjamlar (şahsy kompýuter, planşet, ykjam telefon) arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilen. Hormatly müşderiler! «Internet-bank» hyzmatynyň amatlylyklaryndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçe şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Biziň salgymyz: Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň Galkynyş köçesiniň 5-nji jaýy. Ha barlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8 (440) 2-40-01, 2-40-02. www.tbbank.gov.tm