Jemgyýet
Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň Milli baýramy – Waýtangi güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
February 6, 2026 18:35 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň Milli güni – Waýtangi güni mynasybetli geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşdy. Duşuşyklarda iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio şäheri) Täze Zelandiýanyň Milli güni – Waýtangi güni mynasybetli her ýyl 6-njy fewralda geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Iş saparynyň dowamynda A.Baýramow ýokary wezipeli döwlet resmi wekilleri bilen türkmen-täze zeland gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro bilen geçirilen duşuşykda Ilçi Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi, şeýle hem, General-gubernatory özüne amatly bolan wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Saparyň dowamynda Ilçi Täze Zelandiýanyň Daşary işler ministri Winston Peters, Täze Zelandiýanyň Söwda we maýa goýum ministri H.Todd Makkleý we Täze Zelandiýa Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlary döretmek we ikitaraplaýyn saparlary guramak barada ylalaşdylar.