Türkmen jiu-jitsuçylary Afinada 21 medal gazandy
September 13, 2025 16:40 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views
Türkmenistanyň jiu-jitsu ýygyndy topary 11–14-nji sentýabr aralygynda Gresiýanyň paýtagty Afinada geçirilýän 20-nji Balkanyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş edip, jemi 21 medal gazandy. Olaryň hatarynda 8 altyn, 6 kümüş we 7 bürünç medal bar diýip, Turkmenportal habar berýär.