Jemgyýet
Özbegistan 28 müňden gowrak türkmen jahankeşdesini kabul etdi
February 27, 2026 17:02 • UTC+5 (Ashgabat) • 30 views

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Özbegistan 28,1 müň türkmenistanly jahankeşdäni kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% artdy.
2026-njy ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistandan Özbegistana syýahatçylyk akymy 7 göterimden gowrak artdy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistan 28,1 müň türkmenistanly syýahatçyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 müň adam ýa-da 2 göterim köpdür.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Özbegistana baran türkmenistanly jahankeşdeleriň 12 676-sy syýahatçylyk, 6 602-si iş sapary, 5 027-si garyndaşlaryny görmek, 4 448-si okuw we 2 510-sy täjirçilik maksady bilen goňşy ýurda barypdyr.