Jemgyýet
Türkmenistanda “Ozon” elektron söwda meýdançasy işläp başlady
March 27, 2026 18:02 • UTC+5 (Ashgabat) • 37 views

Ozon Türkmenistanda resmi işe başlady. Sargytlar takmynan 10 günde ýetirilip, olary Türkmenpoçta bölümlerinden alyp bolýar. Kompaniýa eýýäm birnäçe GDA ýurtlarynda iş alyp barýar.
Türkmenistanda Russiýanyň “Ozon” elektron söwda meýdançasy işläp başlady. Bu barada anna güni kompaniýanyň resmi metbugat gullugyna salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.
Habara bellenilişi ýaly, başlangyç tapgyrda harytlary eltip bermek hyzmaty takmynan 10 gün dowam eder we sargytlary “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinden alyp bolar.
“Ozon” häzirki wagtda Russiýanyň içerki bazaryndan daşary Türkmenistanda we mundan başga-da ýedi sany ýurtda söwda işini alyp barýar.
Kompaniýa 2021-nji ýyldan bäri GDA ýurtlarynda özüniň söwda işlerini ösdürmek we giňeltmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Şeýle hem “Ozon” kompaniýasynyň Belarus Respublikasynda, Ermenistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Gruziýada logistika infrastrukturasy hem-de söwda nokatlary hereket edýär.