Göwher Guwerne-Pirkuliýewa Er-Riýadda fransuz dizaýneri bilen bilelikdäki işini tanyşdyrdy
February 6, 2026 18:43 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views

Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne-Pirkuliýewa Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde fransuz dizaýneri Klod Patrik bilen bilelikde traýýarlan lybaslar toplumyny tanyşdyrdy. Lybaslarda türkmen dokma mirasynyň elementleri bilen dünýä modasynyň häzirki zaman tendensiýalary utgaşdyryldy. Çäräniň maksady dürli ýurtlaryň dizaýnerleri arasynda medeni dialogy ösdürmekdir.