Jemgyýet
ASCO-nyň gämileri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary daşamaga gatnaşýarlar
March 17, 2026 17:34 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

Ýükler Baku Halkara deňiz portundan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getirilýär. 📦 Ýylyň ahyryna çenli 11 700 sany turbanyň daşalmagy meýilleşdirilýär.
“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (ASCO) gämileri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin niýetlenen turbalary daşamaga gatnaşýar.
ASCO-nyň duşenbe güni habar bermegine görä, daşama işleri Baku Halkara deňiz söwda portundan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna amala aşyrylýar.
Bu işe kompaniýanyň “Natawan”, “Resul Rza”, “Garadag”, “Teýmur Ahmedow” we “Maestro Niýazi” atly köpugurly gury ýük gämileri gatnaşýar.
Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň ahyryna çenli görkezilen gämiler arkaly 11 müň 700 sany turbanyň daşalmagy meýilleşdirilýär.