Medeniýet
Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkezildi
February 2, 2026 16:43 • UTC+5 (Ashgabat) • 16 views

Türkmen mekdep okuwçylarynyň eserleri Tokioda geçirilen «Çäksiz sungat» atly halkara sungat sergisinde görkezildi. Sergä gatnaşan ähli okuwçylara minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
2026-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň surat sergisine gatnaşyjylara minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Agzalan dabara Ýaponiýada akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň Ilçihanalarynyň wekilleri, «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýetiniň, «SUMI» halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, görnükli sungat işgärleri we sergini synlamaga gelenler gatnaşdylar.
«Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň sergisi 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti we «SUMI» halkara assosiasiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Sergä ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň 26-sy gatnaşyp, olaryň çeken suratlary serginiň çäklerinde döredilen Türkmenistanyň diwarlygynda ýerleşdirildi.
Ýokarda görkezilen dabaranyň jemleri boýunça ýurdumyzdan sergä gatnaşan ähli mekdep okuwçylaryna ýollamak üçin minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.