Ekologiýa
Otag ösümlikleri howany gymmat bahaly süzgüçlerden kem arassalamaýar
February 20, 2026 08:15 • UTC+5 (Ashgabat) • 23 views

Russiýaly alymlar otag ösümlikleriniň howany gymmat enjamlar ýaly netijeli arassalap bilýändigini belleýärler. Myrtus communis bakteriýalara garşy göreşýär, Peperomia zyýanly maddalary siňdirýär, Epipremnum aureum howany çyglandyrýar. Şeýle hem Pelargonium, Murraya paniculata we Tradescantia nerw ulgamyny rahatlandyryp, zyýanly buglary siňdirýär. Tebigy “janly süzgüç” hökmünde öýde ösümlik saklamak peýdalydyr.
Russiýaly alymlar adaty otag ösümlikleriniň howany arassalamakda ýöriteleşdirilen gymmat bahaly enjamlardan pes galmaýandygyny anykladylar. Bilermenler bakteriýalary netijeli ýok edýän we durmuş himiýasynyň buglaryny zyýansyzlandyrýan ösümlikleriň alty görnüşini tapawutlandyrdylar.
Dem alyş ýollarynyň ýokanç kesellerine garşy göreşde hakyky gahryman hökmünde mirt ösümligi ykrar edildi. Onuň fitonsidleri mikroblaryň ösmegini bökdeýär, bir sany kiçijik gyrymsy agaç 20 inedördül metr meýdanly ýatylýan otagy arassalamak üçin ýeterlikdir.
Çagalar otagy üçin hünärmenler peperomiýany maslahat berýärler. Ol benzoly we formaldegidi işjeň siňdirýär, şol bir wagtda çagalar we öý haýwanlary üçin doly howpsuzdyr.
Ssindapsus ösümligi bolsa howa çyglandyryjynyň ornuny tutup biler, sebäbi ol çyglylygy işjeň buglandyrýar we deriniň guramagynyň öňüni alýar.
Geran we murraýýa stressden hem-de ukusyzlykdan dynmaga kömek edýär. Bu ösümlikleriň efir ýaglary nerw ulgamyny rahatlandyrýar we antibakterial täsir edýär.
Tradeskansiýanyň hem peýdaly aýratynlyklary ýüze çykaryldy. "argumenti.ru" portalynyň habar bermegine görä, bu ösümlik täze mebelleriň we arassalaýjy serişdeleriň bölüp çykarýan zyýanly maddalaryny siňdirip, janly süzgüç ýaly işleýär.