Jemgyýet
Mary welaýatynyň etraplarynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri geçiriler
March 2, 2026 17:06 • UTC+5 (Ashgabat) • 29 views

Mary welaýatynyň Sakarçäge, Oguzhan we Tagtabazar etraplarynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri geçirilýär.
Sakarçäge: 11-nji mart, 10:00–12:00, Medeniýet öýi (Sakarçäge-Birleşik gara ýolunyň 6-njy jaýy), habarlaşmak: 800566 5-34-30
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Mary welaýatynyň Sakarçäge, Oguzhan hem-de Tagtabazar etraplarynda ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň geçirilýändigini habar berdi.
Şeýle çäre Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan 11-nji martda Sakarçäge etrabynyň Medeniýet öýünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Sakarçäge şäheriniň Sakarçäge-Birleşik gara ýolunyň ugrundaky 6-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin: 800566 5-34-30
Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini 13-nji martda Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirýär. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary köçesiniň 52-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin: 800559 6-58-78
Tagtabazar etrabynyň şeýle çäresi 12-nji martynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli etrabyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde guralar. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşliginiň 6-njy meýdan düşelgesi.
Habarlaşmak üçin: 800568-52-1-05
Şeýlelikde, kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler agzalan çärä özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan şahadatnamasy bilen gatnaşmagy zerurdyr.