Bilim
«Hemişelik Bitaraplyk — Baky Bagtyýarlyk» atly açyk bäsleşik geçirildi
December 26, 2025 06:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Hemişelik Bitaraplyk — Baky Bagtyýarlyk» atly açyk intellektual bäsleşik geçirildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan «Hemişelik Bitaraplyk — Baky Bagtyýarlyk» atly açyk intellektual brain-ring bäsleşigi guraldy. Çäre Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem 2026-njy Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň 18 ýokary okuw mekdebinden talyplar gatnaşdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilen bäsleşikde gatnaşyjylaryň bilim derejesi, pikirleniş ukyby we ýazmaça jogap bermek başarnygy synagdan geçirildi. Bu çäre ýaşlar arasynda Hemişelik Bitaraplygyň, parahatçylygyň, watançylygyň hem-de zähmetsöýerligiň gymmatlyklaryny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary aýratyn tapawutlanyp, birinji orna mynasyp boldy.
Ýeňijiler:
- Yhlas Kömekow
- Güljahan Gurbanowa
- Sapargylyç Sapargulyýew
- Meňli Çaryýewa
- Jennet Iskenderowa
- Selbi Ruslanowa
Bäsleşigiň dowamynda ýeňijiler gutlanylyp, şeýle çäreleriň ýaş nesliň bitaraplyk ýörelgelerine, milli bitewilige hem-de parahat ösüşe wepaly ruhda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.