Sport
Türkmenistanyň Ýokary ligasynda täze möwsüm: Çempionlyk ugrundaky bäsleşik başlanýar
April 4, 2026 10:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 2026-njy ýylyň täze möwsümi başlaýar. 4-nji aprelden başlap, ýurduň iň güýçli 8 topary çempionlyk ugrunda bäsleşige girişýär.
4-nji aprelde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2026-njy ýylky möwsümine resmi taýdan badalga berilýär. Ýurduň iň güýçli sekiz topary dört aýlawdan ybarat bolan gyzgalaňly bäsleşikde çempionlyk ugrunda göreşer.
Täze futbol ýylynda janköýerler «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Merw» we «Köpetdag» ýaly toparlaryň duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler. Möwsümiň birinji ýarymy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda bolup geçer, galan iki aýlaw bolsa ýylyň ikinji ýarymynda dowam eder.
Möwsümiň ilkinji gününde, 4-nji aprelde meýdançada aşakdaky duşuşyklar geçiriler:
- «Ahal» — «Köpetdag»
- «Şagadam» — «Nebitçi»
5-nji aprelde bolsa çempionatynyň ilkinji tapgyry «Arkadag» — «Merw» hem-de «Altyn Asyr» — «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky oýunlar bilen jemlener.
Geçen möwsümiň netijeleri boýunça «Arkadag» topary çempionlyk adyny gorap saklamaga synanyşar. Ýatlap geçsek, geçen ýyl kümüş medallar «Ahal» toparyna, bürünç medallar bolsa «Altyn Asyr» toparyna nesip edipdi. Täze möwsümiň toparlaryň arasyndaky bäsdeşligi has-da güýçlendirmegine garaşylýar.