Bilim
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI
February 5, 2026 11:41 • UTC+5 (Ashgabat) • 36 views

2026-2027-nji okuw ýyly üçin 8-nji synpy tamamlan 14–15 ýaş aralygyndaky sagdyn we ukyply ýaşululardan arza kabul edilýär. Okuw 4 ýyl dowam edýär, okuwçylara harby terbiýe, bedenterbiýe we günlük sapaklar bilen üpjün edilýär. Arza we degişli resminamalary 1-nji maý 2026-na çenli ýerleşýän ýerindäki harby wekiline tabşyrmaly.
- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmek ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde oka maga isleg bildirilen, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlanan ýylda 14-15 ýaşyny dolduran, lukmançylyk barlagyndan geçen, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.
- Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olar-da okuwçylaryň okuw we harby terbiýçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyryk gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşykly alnyp barylýar.
- Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirilen okuwçylar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliniň adyna arza ýazýarlar. Arzyň ýanyna şu resmi maglumatlar goşulýar:
- ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul edilmegi barada harby wekiliniň adyna ýazan arza (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralaryndan berlen maglumat haty bolmaly);
- ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýeti tassyklýan resminamasynyň nusgasy;
- bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjime hali;
- dogluş hakynda şahadatnamanyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;
- okaýan orta mekdebiň 8-nji synpyndaky ýetşik barada resminama (1, 2, 3 çärýeklerden göçürme);
- 6 sany 3x4; 4 sany 4x6; 2 sany 9x12 santimetr ölçeglerde ýerli harby wekilik tarapyndan tassyklanan fotosurat;
- okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
- okaýan orta mekdebindäki şahsy işiň mekdep müdiriň möhri bilen tassyklanan nusgasy;
- ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga laýyklygyny kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýerleri boýunça inçe kesel we deri-wenerologiýa hyzmatlaryndan hem-de neşe keselli, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň laýykdygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilen degişli kepilnama;
- keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasy) göçürmesi;
- ýaşaýan ýeri we maşgalasy baradaky kepilnama;
- eger dalaşgäriň ata-enesiniň öleni bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamanyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.
4. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirilen dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasy çäklerinde dersler boýunça test işlerini ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
5. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýa-da otag), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olar günde dört wagtyna nahar berilýär.