Jemgyýet
Türkmenistanda Halkara zenanlar gününde näçe gün dynç alnar?
March 4, 2026 08:40 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

2026-njy ýylda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni (8 mart) ýekşenbe gününe degişlidir.
Zähmet kodeksine laýyklykda, resmi dynç güni ýekşenbe üstüne düşende ol indiki iş gününe — 9-njy mart, duşenbe — geçirilýär.
2026-njy ýylda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni 8-nji mart, ýekşenbe gününe düşýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, resmi baýram güni ýekşenbe gününiň üstüne düşen ýagdaýynda, dynç güni ondan gelýän indiki iş gününe — duşenbe gününe geçirilýär.
Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna görä, 8-nji mart — Halkara zenanlar güni resmi baýramçylyk güni bolup, şol gün kärhanalarda, guramalarda we edaralarda iş duruzylýar.
Şunlukda, ýurduň ýaşaýjylary yzygiderli iki gün dynç alarlar:
- 8-nji mart, ýekşenbe;
- 9-nji mart, duşenbe.
Iş hepdesi bolsa sişenbe güni, 10-njy martda başlanar.
2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasy:- 40 sagatlyk iş hepdesi üçin — 166,9 sagat;
- 36 sagatlyk iş hepdesi üçin — 150,5 sagat.
2026-njy ýylda dynç güni diýlip ylan edilen baýramçylyk günleri:- 1-nji ýanwar – Täze ýyl;
- 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
- 20-nji mart – Oraza baýramy;
- 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;
- 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
- 27, 28, 29-njy maý – Gurban baýramy;
- 27-nji sentýabr – Garaşsyzlyk güni;
- 6-njy oktýabr – Hatyra güni;
- 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.