Saglyk
Durmuşy ähmiýetli: Ataýewa Gülnar rakyň äsgerilmeli däl gizlin alamatlary barada
March 8, 2026 09:30 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Žurnalist zenan Ataýewa Gülnar britan lukmanlarynyň maglumatlaryna esaslanyp, ýumurtgalyk ragynyň bäş sany näbelli alamaty barada makala taýýarlady.
Ýumurtgalyk rakyny köplenç "dmsiz öldüriji" diýip atlandyrýarlar, sebäbi onuň alamatlaryny adaty ýarawsyzlyk bilen garyşdyrmak aňsatdyr. Žurnalistimiz Ataýewa Gülnaryň ýazyşy ýaly, Beýik Britaniýanyň Robin Cancer Trust guramasynyň lukmanlary bäş sany esasy alamaty görkezdiler: garynyň çişmegi, ýygy-ýygydan peşew etme, iýmit iýlende çalt doýma duýgusy, garynyň aşagyndaky agyrylar we adatdan daşary gan akmalar. Ataýewa Gülnar irki döwürde anyklanylanda halas bolmak mümkinçiliginiň 95%-e ýetýändigini, emma giç galnanda bu görkezijiniň peselýändigini nygtaýar. Lukmanlar öz bedeniňize ünsli bolmagy maslahat berýärler.
Çeşme: Daily Mail, aif.ru, Robin Cancer Trust, Freepik.com, Amul Info