Sport
«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyna eýe boldy
March 14, 2026 13:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 22 views

Arkadag FK bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kubogynyň eýesi boldy. Final duşuşygynda Şagadam FK topary 2:0 hasabynda ýeňildi. Gollary Meýlis Diniýew we Didar Durdyýew geçirdi. Üçünji orny bolsa Ahal FK eýeledi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy geçirilip, onuň netijesinde «Arkadag» topary bassyr ikinji gezek baş baýraga mynasyp boldy.
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda 12-njy martda geçirilen final duşuşygynda «Şagadam» bilen duşuşan «Arkadag» topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
«Şagadam» – «Arkadag» – 0:2
Gollar: 3 Meýlis Diniýew, 61 Didar Durdyýew.
«Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Ahal» üçünji orna mynasyp boldy.
«Ahal» – «Aşgabat» – 2:0
Gollar: 79 Aşyr Jumadurdyýew, 81 Mergen Nurlyýew, öz derwezesine.
Final duşuşygyndan soň ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Ýeri gelende bellesek, TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşik toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirildi: «Arkadag» (Arkadag şäheri), «Ahal» (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), «Şagadam» (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), «Merw» (Mary welaýatynyň Mary şäheri), «Aşgabat» (Aşgabat şäheri), «Nebitçi» (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), «Köpetdag» (Aşgabat şäheri) hem-de 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary.