Syýasat
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
April 25, 2026 07:57 • UTC+5 (Ashgabat) • 6 views

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe täze kadr çözgütlerine gol çekdi.
Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda häkim orunbasarlary bellenildi we üýtgetmeler geçirildi. Şeýle hem, käbir etrap häkimleriniň wezipesi wagtlaýyn başga ýolbaşçylara tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Kakamyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurban Hemrakulowiç Kerimow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedow Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Babamuradowiç Öwezberdiýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Zakir Ýusupowiç Hasanow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhommedowyň üstüne ýüklenildi.