Türkmenistanyň we Gazagystanyň ÝOM-lary halkara reýtinglere girmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
March 11, 2026 08:40 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Gazagystanyň L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň professor-mugallymlary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim reýtinglerine girmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.