Bilim
Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dili okuwlaryna kabul edilişlik açyldy
March 12, 2026 18:02 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde sapaklar 25-26-njy martdan başlaýar. Sapaklar size amatly gün we wagt aralygynda geçirilýär. Arza tabşyrmak 16-njy marta çenli mümkin.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi isleg bildirýänleriň ählisini dil öwreniş okuwlaryna çagyrýar.
Okuw maksatnamasy okuw tertibiniň amatly görnüşlerini hödürleýär. Diňleýjiler aşakdaky iki tertibiň birini saýlap bilerler:
Birinji tapgyr (25-nji martdan başlap): sapaklar duşenbe, çarşenbe we anna günleri geçiriler.
Ikinji tapgyr (26-njy martdan başlap): sapaklar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri geçiriler.
Ýokary derejedäki amatlylygy üpjün etmek üçin sapaklar bäş wagt aralygyna bölünendir:
Irki wagt tertibinde: 09:00 – 10:30 we 10:45 – 12:15
Öýlänki wagt tertibinde: 14:30 – 16:00
Giçki wagt tertibinde: 16:15 – 17:45 we 18:00 – 19:30
Okuwlara ýazylyşyk 16-njy marta çenli (şol gün hem degişli) dowam eder. Arzalary kabul etmek işleri her gün (ýekşenbe gününden başga) aşakdaky wagt tertibinde amala aşyrylýar:
12-nji mart: 15:00 – 17:00
13-nji mart: 10:00 – 13:00
14-nji mart: 17:00 – 19:00
16-nji mart: 10:00 – 11:30
Goşmaça maglumatlary we gyzyklandyrýan soraglara jogaplary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: 93-42-11 we 93-42-09.