Dünýä
2025 Ýanwar–noýabr: Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 19 müň konteýner ýük daşaldy
December 29, 2025 19:08 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistanyň çäginden jemi 19 müň konteýner ýük daşaldy: 9 250 üstaşyr, 5 650 eksport we 4 100 import konteýneri. “Demirgazyk–Günorta”, “Lapis–Lazuli” we “Gündogar–Günbatar” halkara ulag geçelgeleri arkaly multimodal daşamalar giňden ulanylýar.
2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň çäginden jemi 19 müň sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi sişenbe güni habar berdi.
Şol sanda, üstaşyr 9 müň 250 sany, eksport 5 müň 650 sany we import 4 müň 100 sany ýük daşamalary amala aşyryldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 müň 405 sany konteýner köp daşalyp, bu ugurda ýokary ösüşler gazanyldy.
Türkmenistanyň logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp, “Demirgazyk – Günorta”, “Lapis – Lazuli”, “Gündogar – Günbatar” halkara ulag geçelgeleri arkaly import hem-de eksport ýük daşamalaryny artdyrmak üçin häzirki döwürde amatly hasaplanylýan konteýner arkaly ýük daşamalary giňden ulanylýar. Şeýle hem Russiýa–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran, Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe–Ýewropa hem-de Özbegistan ugurlary boýunça multimodal ulag geçelgeler ösdürilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ugurlar boýunça 63 konteýner otlusy amala aşyryldy.
Ýurduň söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi demir ýol ulagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, üstaşyr, import we eksport daşamalarynyň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.
Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesi multimodal ugur bolup, onuň umumy uzynlygy 7200 kilometrden gowrakdyr. Bu alternatiw ýol Ýewropany, Pars aýlagynyň we Hindi umman ýurtlaryny Sues kanaly arkaly özara baglanyşdyrýan möhüm halkara ulag gatnawlarynyň biridir.