Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
February 12, 2026 17:28 • UTC+5 (Ashgabat) • 45 views

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary A. Tinka bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ykdysadyýet, ulag, parlamentara we konsullyk ulgamyndaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.