Sport
Türkmen pälwanlary Bakuda halkara turnirde altyn medala mynasyp boldular
January 27, 2026 08:52 • UTC+5 (Ashgabat) • 14 views

Türkmen pälwanlary Şamuhammet Rejepow we Annadurdy Annadurdyýew Bakuda geçirilýän halkara bäsleşikde altyn medallary gazandy.
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda, dünýäniň iň güýçli türgenleriniň gatnaşmagynda ASLANOV WRESTLING OPEN TOURNAMENT atly halkara erkin göreş turniri geçirilýär.
Türkmenistanyn wekilleri ýokary netijeler görkezdiler. Ýaş türgenler Şamuhammet Rejepow we Annadurdy Annadurdyýew öz agram kategoriýalarynda ýeňiji bolup, altyn medallary gazandylar we türkmen göreş mekdebiniň ýokary derejesini tassykladylar.
Şu çylşyrymly we abraýly halkara startda gazanylan ýeňiş türgenler we milli ýygyndy üçin möhüm üstünlik bolup durýar. Netije, maksatly taýýarlygyň we türkmen göreşçileriniň halkara arenasynda artýan potensialynyň subutnamasydyr.