Bilim
Aşgabatda umumybilim berýän mekdepleriň sany 160-a ýeter
April 29, 2026 19:16 • UTC+5 (Ashgabat) • 10 views

2026-njy ýylda Aşgabatda umumybilim berýän mekdepleriň sany 160-a, çagalar baglarynyň sany 193-e, sport mekdepleriniň sany bolsa 21-e ýeter. Paýtagtda bilim we durmuş düzümini giňeltmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylda umumybilim berýän mekdepleriň sanynyň 160 birlige deň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Şeýle hem bilim ulgamynda şu ýylda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanynyň 193 birlige, sport mekdepleriniň sanynyň 21 birlige deň bolmagy göz öňüne tutulýar.
Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň gurluşygyny tamamlap, ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzir Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, ony bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçiliktehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.