Jemgyýet
Türkmenistanda awtoulag bilen ýük daşamalary üçin ygtyýarnama alynmagy ýeňilleşdirildi
January 2, 2026 15:04 • UTC+5 (Ashgabat) • 18 views

Türkmenistanda awtomobil ulagynda ýük daşamak işi üçin ygtyýarnama almagyň tertibi ýeňilleşdirildi. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň ýanwaryndan güýje girer.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnamany tassyklamak barada Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Resminama laýyklykda, awtomobil ulagynda ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany ýeňillikli resmileşdirmegiň talaplary we şertleri girizildi hem-de resminamalaryň toplumy kämilleşdirildi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan fiziki we ýuridik şahslaryň resminamalary kabul edilip başlanar. Ýurduň welaýatlarynda aragatnaşyk ulgamy arkaly resminamalary kabul etmek mümkinçiligi döredildi.
Giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirilendir— awtoulag.gov.tm.