Jemgyýet
Türkmenistan we Eýran Sarahs geçelgesi arkaly ýük daşamalaryny artdyrmagy ylalaşdylar
December 25, 2025 16:59 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs serhet geçelgesi arkaly üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmagy we gümrük gulluklarynyň işini utgaşdyrmagy ylalaşdy.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhet gulluklarynyň wekilleri Sarahs serhet geçelgesinde duşuşyk geçirip, bu geçelge arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşyga geldiler.
Duşyşygyň dowamynda taraplar umumy serhetde durnukly howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Bu barada Eýranyň IRNA habar agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Gepleşikleriň netijesinde, Sarahs serhet geçelgesi arkaly üstaşyr ýük daşamalaryny giňeltmegi we iki ýurduň gümrük gulluklarynyň iş sagatlaryny hem-de tertibini sazlaşdyrmagy göz öňünde tutýan serhet protokolyna gol çekildi.
Duşuşygyň netijesinde, Sarahs geçelgesi arkaly üstaşyr ýük daşamalary artdyrmagy we gümrük gulluklarynyň iş tertibini utgaşdyrmak boýunça taraplaryň arasynda täze serhet protokoly baglaşyldy.
Sarahs demir ýol hem-de awtoýol geçelgesi Eýranyň demirgazyk-gündogarynda Maşat şäherinden 185 kilometr uzaklykda Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýär.