Jemgyýet
«Ak Işan» aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary başlandy
March 5, 2026 09:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 27 views

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Ak Işan aramgähine zyýarat etmek isleýänler üçin 1-nji mart — 26-njy aprel 2026 aralygynda her dynç güni tölegsiz awtobus gatnawy ýola goýuldy.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin hoş habar yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýulandygyny habar berýär.
Bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji marty — 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar. Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň «Wokzal» awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna — «Ak Işan» aramgähinden paýtagtymyza tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.
Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar aşakda bellenen telefon belgilerine ýüz tutup bilerler:
+99361-49-34-95; 44-35-20.
Hormatly ildeşler, zyýaratlaryňyz we doga-dilegleriňiz kabul bolsun!