Ykdysadyýet
Aşgabatda halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi
March 12, 2026 09:00 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

Aşgabatda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça ýörite okuw maslahaty geçirildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasy we onuň Söwdany maliýeleşdirmek maksatnamasy Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde «Halkara söwdany maliýeleşdirmek: Esaslar, gurallar, komplaýens, iň gowy tejribelikler we öňdebaryjy tejribe» atly hünär okuw maslahatyny gurady.
Okuw maslahatynyň esasy maksady bank ulgamynyň hünärmenleriniň we hususy telekeçiligiň wekilleriniň döwrebap maliýe gurallaryny ulanmak meselelerinde hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Treningiň çäklerinde gatnaşyjylar resminamaly akkreditiwler ugrunda bilimlerini çuňlaşdyrdylar, komplaýensiň (kadalaşdyryjy talaplara laýyklygyň) häzirki zaman talaplaryny we halkara standartlaryny öwrendiler, şeýle hem söwdany maliýeleşdirmegiň dünýäniň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdylar.
Mundan başga-da, gatnaşyjylara geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi.